BMGÖM Türkmenistanda
Biziň toparymyz
Terjimehal
Hanym Saakýan BMG ulgamynda taslamalaryň dolandyryjysy we BMGÖM-niň hemişelik wekili bolup, 20 ýyldan gowrak tejribe toplady, şeýle hem ol hökümet edaralarynda we ylmy-gözleg edaralarynda, ýerli we halkara jemgyýetçilik guramalarynda, Bütindünýä bankynda, USAID-da hem-de beýleki halkara guramalarynda 15 ýyl goşmaça tejribe toplady. Onuň Ýewropa Bileleşigine integrasiýa ýaly meselelerde hökümetler üçin esasy reformalary işläp düzmekde we ösdürmekde, ösüş we maýa goýum maksatnamalary üçin serişdeleri herekete getirmekde hem-de döwlet edaralaryndaky we ýerli häkimiýetlerdäki hyzmatdaşlar, donorlar we hususy pudak bilen çylşyrymly meseleleri ara alyp maslahatlaşmakda we karar bermekde baý tejribesi bar.
Hanym Saakýan ozal BMGÖM-niň Demirgazyk Makedoniýada hemişelik wekili, Makedoniýada, Moldowada we Türkmenistanda hemişelik wekiliň orunbasary bolup işledi. BMGÖM-da işläp başlamazdan ozal hanym Saakýan ABŞ-da hökümetiň we hususy pudagyň hyzmatdaşlygynda “EurAsia Foundation” guramasynyň ykdysady ösüş bölümine ýolbaşçylyk edip işledi. Mundan başga-da, ol Ermenistan Respublikasynyň hökümetinde dürli wezipelerde işledi - Söwda we senagat ministrliginiň Maýa goýumlar müdirliginde we Ykdysadyýet ministrliginiň Daşary ýurt maýa goýumlar müdirliginde ýolbaşçy wezipelerde işledi.
Hanym Saakýan Ykdysadyýet ylymlarynyň doktory (Moskwa, Döwlet meýilleşdiriş gullugy) we Biznes dolandyryşy boýunça bakalawr derejesine eýedir (Ýerewan, Inženerçilik uniwersiteti).
Terjimehal
Tomitsa ösüş ugrunda hökümet edaralarynda, şeýle hem hökümete dahylsyz we işewürlik pudaklarynda 20 ýyldan gowrak işlemek bilen baý tejribe toplady.
Ol BMGÖM-niň edarasynda 15 ýyl gowrak mundan ozal işläp başlady we şol döwürde dürli pudaklarda we ýokary wezipelerde öz işini alyp bardy. Ol 2020-2021-nji ýyllarda Gyrgyzystanda BMGÖM-niň Hemişelik wekiliniň orunbasary bolup, meýilnamalara we edaranyň alyp barýan işlerine ýolbaşçylyk etdi. Maksatnamalary dolandyrmak boýunça jogapkär işgär bolup işlän döwründe, ol sanly özgerişikler, täsirli (ýerli we milli) dolandyryş, sosial taýdan jebisleşme, inklýuziw ösüş, howanyň üýtgemegi we daşky gurşawy goramak ýaly mowzuklara gönükdirilen maksatnamalara ýolbaşçylyk etdi. Ol BMGÖM-niň edaralaryna, hökümete, halkara maliýe guramalaryna, raýat jemgyýetine we ösüş boýunça beýleki hyzmatdaşlara strategik taýdan ýerlerşiş boýunça goldaw berdi.
Tomitsa hökümet edaralarynda işläp, durnukly ösüş, maýa goýumlary, iş gurşawy, sanly dolandyryş we daşky gurşawy goramak boýunça ykdysady we salgyt syýasatlaryny utgaşdyrmak ugrunda tejribe toplady.
Tomitsanyň korporatiw işewürlik pudagyndaky tejribesi strategik taýdan ýerlerşişiň üstünde işlemek, täze önümleri çykarmak we hyzmatlary işläp düzmek, şeýle hem ösüş ugrunda täze mümkinçilikleri açmaga gönükdirilen çylşyrymly taslamalary utgaşdyrmak bilen baglanyşyklydyr.
Tomitsanyň işewürlik ykdysadyýeti we maliýe ugrunda magistr derejesi bar. Ol çernogor, iňlis we italýan dillerinde gepleýär.
Narine Saakýan | BMGÖM-iň Hemişelik Wekili |
Tomitsa Paowiç
| BMGÖM-niň Türkmenistanda hemişelik wekiliniň orunbasary |
Döwletmyrat Mämetýazow | BMGÖM-iň Hemişelik Wekiliniň kömekçisi |
Farhat Orunow | Maksatnama Analitigi / Daşky gurşaw we Energetika |
Akmyrat Daňatarow | Maksatnama analitigi / Dolandyryş / Ykdysady diwersifikasiýa we Inklýuziw Ösüş |
Läle Çopanowa | Maksatnama hünärmeni / Saglyk |
Jahan Saparmämedowa | Jemgyýet bilen aragatnaşyk hünärmeni |
Jemal Saryýewa | Programma Kömekçisi/Daşky gurşaw we Energetika |
Ogulşirin Ýazlyýewa | Programma Kömekçisi/ Dolandyryş / Ykdysady diwersifikasiýa we Inklýuziw Ösüş |
Kristina Medwedewa | Programma Kömekçisi/ Saglyk |
Mary Risaýewa | Dolandyryş we maliýe bölüminiň müdiri |
Penamuhammet Gulhanow | Maliýe bölüminiň başlygy |
Sabir Alikperow | Maliýe Hünärmeni |
Toýly Hojagulýyew | Maliýe Kömekçisi |
Regina Urmanowa | Işgärler bölüminiň Hünärmeni |
Kira Satarowa | Satyn Alyş Hünärmeni |
Aýgül Atabaýewa | Satyn Alyş Hünärmeni |
Olga Babaýewa | Administratiw Kömekçi |
Mekangeldi Hellenow | ICT Hünärmeni |
Döwran Bäşimow | Sürüji/Klerk |
Kakamyrat Bayliyew | Sürüji |