BMGÖM Türkmenistanda
Kadalaşdyryjy-hukuk binýady
Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) Türkmenistanda öz işini 1995-nji ýylda, BMGÖM-sy bilen Türkmenistanyň Hökümetiniň arasynda 1993-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda Esasy goldawy bermek babatynda standart şertnamasyna gol çekilmeginiň esasynda başlaýar.
Esasy goldawy bermek babatynda standart şertnama (SBBA) esasy şertlerden ybaratdyr, bu şertleriň çäginde BMGÖM Hökümete ösüş ugrundaky taslamalaryny amala aşyrmaga ýardam edýär we BMGÖM-niň öz taslamalary durmuşa geçirilýär.
Türkmenistanda BMGÖM, Ýurt boýunça maksatnamanyň resminamasy (häzirki wagtda 2021-2025-nji ýyllar üçin Ýurt boýunça maksatnama) we Birleşen Milletler Guramasynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Durnukly Ösüş ugrunda Hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasy bilen dolandyrylýar, olar
Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-2025-nji ýyllar üçin ýurduň durmuş-ykdysady ösüşi boýunça Maksatnamasynda bellenilen Türkmenistanyň Hökümetiniň strategiki ileri tutýan ugurlaryna laýyk gelýär.