Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy ýaşaýyş jaýlarynda energiýa netijeliligi ornaşdyrmak babatynda halkara tejribesini paýlaşýar
October 19, 2022
Aşgabat, 2022-nji ýylyň 18-19-njy oktýabry: Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy bilen Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň bilelikde ýerine ýetirýän “Türkmenistanda şäherleriň durnukly ösdürilişi: Aşgabatda we Awazada ýaşyl şäherleriň toplumlaýyn ösdürilişi” atly taslamasynyň çäklerinde “Ýaşaýyş jaý toplumlarynda energiýa netijeliligi ornaşdyrmak, şäherleriň durnukly ösdürilişiniň görkezijisidir” atly okuw maslahaty geçirildi. Okuw maslahatyna ministrlikleriň we döwlet guramalarynyň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän myhmanhanalaryň hünärmenleri gatnaşdylar.
Maslahatynyň dowamynda Türkmenistanyň gurluşyk pudagyny durnukly ösdürmegiň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-hem energiýanetijelilik, ýaşyl standartlary, ýaşyl gurluşyk, energiýatygşytlaýjy çäreleri işläp düzmek we durmuşa geçirmek boýunça halkara tejribesi öwrenildi. Okuw maslahatynda ara alnyp maslahatlaşylan meseleler, energiýa serişdelerini tygşytly ulanmak arkaly, daşky gurşawa zyňylýan parnik emele getiriji gazlaryň mukdaryny azaltmak we geljekki nesiller üçin daşky gurşawy gorap saklamak üçin möhümdir.
Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy tarapyndan, “Türkmenistanda şäherleriň durnukly ösdürilişi: Aşgabatda we Awazada ýaşyl şäherleriň toplumlaýyn ösdürilişi” atly taslamanyň çäklerinde, energiýa netijelilik, daşky gurşawa gözegçiligi kämilleşdirmek, galyndylary dolandyrmak, durnukly transporty ösdürmek ýaly, durnukly ösüş ýörelgeleriniň öňe sürülmegine ýardam berilýär.