BMG-niň Ösüş Maksatnamasy Bütindünýä şäherler gününe bagyşlanan ylmy-barlag işleriniň Bäsleşigini geçirýär
October 31, 2022
Bütindünýä şäherler güni mynasybetli (31-nji oktýabry) BMG-niň Türkmenistandaky Ösüş Maksatnamasy we Türkmenistanyň Bilim ministrligi Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň, S.A.Niýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň “Ekologiýa, senagat we agroekologiýa” hünäri boýunça bilim alýan 4-5-nji ýyl talyplarynyň arasynda “Gündelik durmuşda ikinji derejeli çig maly ulanmagyň öňegidişlikli we döwrebap usuly” temasynda Ylmy işi taýýarlamak boýunça Bäsleşik geçirdiler.
Hödürlenen ylmy-barlag işlerde gaýtadan işlenen materiallardan (plastikden, aýnadan, kagyzdan we agaçdan) harytlary öndürmeklige döredijilikli we innowasion çemeleşmeler we olary gündelik durmuşda ulanmak hakyndaky pikirler beýan edildi.
Baha bermegiň netijeleri boýunça Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we BMG-niň Türkmenistandaky Ösüş Maksatnamasynyň wekillerinden düzülen eminler topary bäsleşigiň ýeňijilerini yglan etdi.
Birinji orun gaýtadan işlenen plastik galyndylaryndan önüm öndürmek boýunça doly galyndysyz önümçilik dolanyşygyny teklip edendigi üçin Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň Ekologiýa we tebigatdan peýdalanmak fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Täjewa Ogulşirine berildi.
Ikinji orny “Plastikden kerpiç öndürmek” temasynda işlenip taýýarlanan ylmy iş üçin Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň 3-nji ýyl talyby Esenowa Merjen eýeledi.
“Garlykdaky dag-magdan baýlaşdyryş kombinatynyň galit galyndylaryndan nahar duzuny almagyň tehnologiýasy” atly ylmy işi üçin Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň 3-nji ýyl talyby üçünji orny eýeledi.
Bäsleşigiň netijeleri boýunça, eminler topary Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby Şamyradow Atajana “Akylly konteýneri” işläp taýýarlandygy üçin ýörite baýragy bermegi makul bildi. Bu teklibi BMG-niň taslamasynyň ýylyň ahyrynda uniwersitetiniň umumy ýaşaýyş jaýynyň çäginde durmuşa geçirmek meýilleşdirilýän synag meýdançasynda ulanmak we bu tehnologiýany galyndylary aýry-aýry ýygnamak boýunça konteýnerlerde synap görmek teklip edilýär.
Eminler topary bäsleşikde dördünji orny bölüşýän ýene iki işi hem aýratyn belledi:
- şertli arassa hapa suwlary goşmaça rezerwuara, hapalanan suwlary hem umumy lagym ulgamyna sowmaga mümkinçilik berýän ýönekeý öçüriji ryçagy gurnamak arkaly himikatlar bilen hapalanmadyk suwy ikilenç ulanmagyň örän ýönekeý we çykdaýjysyz usulyny hödürlän S.A.Niýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby Hudaýberdiýew Ýaranyň ylmy işi.
- Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň 3-nji ýyl talyby Serdarow Söweriň “Organiki galyndylardan iýmitlik bioplastigini öndürmek ugrundaky ylmy işläp taýýarlamalar” atly ylmy işi.
Mundan başga-da, eminler topary Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby Hydyrowa Gülşadyň galyndylardan organiki dökünleri öndürmegiň we buýan köküni gaýtadan işlemegiň usullary baradaky işini hem belledi.
Buýan köküniň lukmançylyk maksatlarynda öndürilmeginiň we ulanylmagynyň depgini ýokarlandygyça, şonça-da önümçilik galyndylarynyň emele gelýän mukdary köpelýär. Şonuň bilen baglylykda bäsleşige gatnaşyjy tarapyndan Biogumaty – suwuk organiki döküni öndürmek boýunça täsirli usul teklip edildi.
Ähli bäsleşige gatnaşyjylar hormat hatlary bilen, ýeňijiler bolsa BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň adyndan ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglandy.
“Talyplaryň arasynda ylmy-barlag işlerini taýýarlamak boýunça geçirilen bu Bäsleşik tebigy serişdeleriň durnukly ulanylmagyna, galyndylaryň oýlanyşykly peýdalanylmagyna we azaldylmagyna ýardam berýän başlangyçlara ýaşlary höweslendirmeklige, geljekki ekologlary galyndylardan oýlanyşykly peýdalanmagyň meseleleri çözülende döredijilikli we innowasion pikirlenişe taýýarlamaklyga gönükdirilendir, – diýip, BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky Hemişelik wekili hanym Narine Saakýan belledi.
Talyplaryň arasynda ylmy-barlag işleriniň bäsleşigi BMG-niň ÖM/GEF-iň “Türkmenistanda durnukly şäherler: Aşgabatda we Awazada ýaşyl şäherleriň toplumlaýyn ösdürilişi” atly taslamasy tarapyndan guralyp, durnukly şäherleriň ösdürilmegine we ýurtda şäherleriň ösüşiniň ýaramaz netijeleriniň azaldylmagyna, ýurduň durmuş-ykdysady ösüşiniň maksatlaryna ýetmek boýunça tagallalarynyň çäklerinde bughana gazlarynyň zyňyndylarynyň we howanyň hapalanmasynyň azaldylmagy, energiýanyň harç edilşiniň azaldylmagy we galyndylaryň durnukly dolandyrylmagy ýaly çäreleriň durmuşa geçirilmegine ýardam bermeklige gönükdirilendir. Taslama tehniki, edaralaýyn we strategiki goldaw berýär, şeýle-de Aşgabady we Awazany öz içine alyp, galyndylaryň oýlanyşykly sarp edilmegine we dolandyrylmagyna degişlilikde özüňi alyp barşy üýtgetmäge ýardam berýär.