BMGÖM durnukly ösüşi maliýeleşdirmek meselelerini öňe sürýär

November 10, 2022

BMGÖM durnukly ösüşi maliýeleşdirmek meselelerini öňe sürýär

BMGÖM Türkmenistanda

Aşnabat, 2022-nji ýylyň 11-nji noýabry: BSGÖM-nyň Türkmenistandaky edarasy Ýewropa Bileleşigi (ÝB) tarapyndan maliýeleşdirilýän Merkezi Aziýada Durnukly ösüş maksatlary boýunça sebitleýin platforma bilen bilelikde, ýurtda Durnukly ösüş maksatlaryny (DÖM) gazanmagy çaltlandyrmak boýunça tagallalaryň çäklerinde Ösüşiň maliýeleşdirilişe baha bermegi (ÖMBB) geçirmäge kömek bermegi goşmak bilen, ösüşi maliýeleşdirmek meseleler boýunça Türkmenistanyň Hökümeti bilen hyzmatdaşlyk edýär.

ÖMBB-iň maksady goşmaça maliýe serişdelerini jemlemäge has toplumlaýyn çemeleşmegi ulanmak we Durnukly ösüş ulgamynda Maksatlara ýetmek üçin bar bolan maliýe serişdelerini peýdalanmak üçin mümkinçilikleri ýüze çykarmak bolup durýar.

Ýokarda ýatlanan sebitleýin taslamanyň Türkmenistan boýunça ýurt böleginiň (komponent) çäklerinde BMGÖM-nyň halkara bilermeni jenap Lewon Barhudarýanyň sapary guraldy, ol Ösüşiň maliýeleşdirilişini bahalandyrmak boýunça hasabaty taýýarlamak meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin  Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, hususy bölegiň wekilleri bilen geňeşmeler tapgyryny geçirdi. Duşuşyklaryň barşynda salgyt-býujet we pul-karz syýasatyny, statistiki hasabatlylygy ösdürmegiň ileri tutulýan meseleleri, hususy bölegi ösdürmäge we goldamaga, maýa goýum ýagdaýyna degişli meseleler, şeýle hem Türkmenistanyň býujet ulgamynda meýilleşdirilýän özgertmeler ara alnyp mahalatlaşyldy.

ÖMBB boýunça gutarnykly hasabat BMG bilen Türkmenistanyň Hökümetiniň arasynda DÖM maliýeleşdirmek boýunça bilelikdäki bilermenler toparynyň 2022-nji ýylyň 11-nji noýabrynda geçirilmegi meýilleşdirilen nobatdaky mejlisinde hödürlener diýlip garaşylýar.

***

2018-nji ýylda badalga berlen, BMGÖM bilen Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň arasyndaky „Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek üçin esas“ atly bilelikdäki taslama Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň hem-de BMG-nyň agentlikleriniň DÖM durmuşa geçirmek ulgamynda alyp barýan işlerini utgaşdyrmagy amala aşyrmak üçin bilelikdäki esas bolup durýar. Häzirki wagtda taslamanyň 2-nji tapgyry durmuşa geçirilýär, onuň maksady Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek boýunça çäreleri utgaşdyrmagy amala aşyrýan jogapkär edara hökmünde Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň mümkinçiligini ýokarlandyrmak bolup durýar.