BMGÖM we Türkmenistan Döwlet bilim ulgamyny pugtalandyrmak boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdiler

June 20, 2024

BMGÖM we Türkmenistan Döwlet bilim ulgamyny pugtalandyrmak boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdiler

BMGÖM Türkmenistan

Aşgabat, Türkmenistan - 2024-nji ýylyň 20-nji iýuny: Şu gün BMG-niň Ösüş maksatnamasy (BMGÖM) we Türkmenistanyň Bilim ministrligi ýurduň bilim ulgamyny pugtalandyrmak we durnukly ösüş tejribelerini öňe sürmek boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdiler.

Özara düşünişmek hakynda Ähtnama ýurduň ilatyna bilim hyzmatlaryny bermek ulgamynyň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen BMGÖM we Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň arasyndaky hyzmatdaşlyk üçin binýady döredýar. Ylalaşyk, Türkmenistanyň bilim edaralarynyň ýardam bermeginde, adam hukuklary we gender deňligi ýörelgelerini ornaşdyrmaga, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek başlangyçlaryny goldamaga we sagdyn durmuş ýörelgelerini höwesledirmäge aýratyn ünsi çekmek bilen, Türkmenistanda bilim maksatnamalaryny kämilleşdirmäge bolan umumy ygrarlylygyny nygtaýar.

BMGÖM we Türkmenistan Döwlet bilim ulgamyny pugtalandyrmak boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdiler

BMGÖM Türkmenistan

Bu Ähtnamanyň esasy ugry, sanly tehnologiýalary we innowasion çözgütlerini Türkmenistanyň bilim ulgamyna ornaşdyrmak bolup durýar. Öňdebaryjy tehnologiýalary ulanmak arkaly, hyzmatdaşlyk, ilatyň zerurlyklaryna has laýyk geljek, netijeli we inklýuziw bilim ulgamyny döretmäge gönükdiriler.

"Bu Özara düşünişmek hakynda Ähtnama sanly bilimi kämilleşdirmek we durnukly ösüş üçin möhüm ädim bolup durýar" - diýip, BMGÖM-iň Türkmenistandaky Hemişelik wekili, hanym Narine Saakýan belledi. "Innowasiýalary we tehnologiýalary ulanyp, biz hemmeler üçin bähbitli,  has inklýuziw we netijeli bilim ulgamyny döretmäge çalyşýarys".

***