KÖP SANLY BÄHBITLERIŇ ALYNMAGY ÜÇIN ARAL DEŇZINIŇ GIŇIŞLIGINDE ÝER SERIŞDELERINI WE ÝOKARY TEBIGY GYMMATLYGY BOLAN EKOULGAMLARY GORAP SAKLAMAK WE DURNUKLY DOLANDYRMAK

Taslamanyň gysgaça beýany:

 

Taslamanyň wezipesi serişde çeşmeleriniň we ählumumy ähmiýetli ekoulgamlaryň ýaşama durnuklylygyny we ýaşaýyş durnuklylygyny ýokarlandyrmak üçin, Türkmenistanda Amyderýanyň sebitinde ýerleriň zaýalanmagyny azaltmaga ýardam etmek, ýerleri we suw serişdelerini dikeltmek we olaryň ulanylyşyny gowulandyrmak bolup durýar. Bu özara baglanyşykly üç sany ahyrky netijäni öz içine alýan köp maksatly strategiýa arkaly gazanylar, bu netijeler çölleşmek we biodürlüligi ýitirmek meselelerini çözmek we köp sanly ählumumy ekologik bähbitleri üpjün etmek üçin hökümetiň syýasatyň ileri tutulýan ugurlaryny we tehniki mümkinçilikleri bellemek boýunça tagallalaryny goldarlar. GEF‑iň maýa goýumlary serişdelerden ýerli peýdalanyjylar üçin serişdeleriň durnukly çeşmelerini goldamak bilen baglylykda tebigy ýer maýasyna “nol arassa ýitgiler” çemeleşmesiniň hasabyna oba hojalygyny serişdeler tükenmeýän görnüşinde alyp barmaga we şol bir wagtda-da, örän möhüm ekoulgam hyzmatlaryny netijeli gorap saklamaga ýardam eder.

 

Narine Saakýan, Türkmenistanda BMGÖM-niň hemişelik wekili:

“Bir wagtlar dünýäde ulylygy boýunça dördünji içerki deňizi bolan Aral deňzi, suw we azyk ýetmezçiligine sebäp bolup, Aral deňziniň basseýnindäki ýurtlarda ýaşaýan adamlaryň saglygyna we sebitleriň howasyna zyýanly täsirini ýetirip, soňky alty onýyllygyň dowamynda ýuwaş-ýuwaşdan ýitip gidip barýar. Bütindünýä daşky gurşaw gaznasy we milli hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde biz Türkmenistanyň saýlanan synag sebitleriniň Aral deňziniň krizisiniň ekologiki we durmuş-ykdysady netijelerine bolan durnuklylygyny ýokarlandyrmagy maksat edinýäris ".
 

 

Garaşylýan netijeler:

Önümçilik landşaftynyň 746 000 gektarynda ekoulgam hyzmatlaryny durnuklaşdyrmak. Suwarymly sürümli ýerleriň 100 000 gektarynda topragyň tükenmeýän önümliligini we suwdan peýdalanmagy netijeli dolandyrmagy üpjün etmek. 10 000 gektarda oba hojalyk ekinleriniň şorlaşmaga durnuklylygyny üpjün etmek. Meýdany 60 000 gektar bolan zaýalanan sürümli we tokaý ýerlerini dikeldiler. OOPT-nyň netijeliligini ýokarlandyrmak we Amyderýa landşaftynda 1 077 554 gektarda, şol sanda ýitmek howpy bolan 60 000 gektara golaý meýdandaky täze ýerlerde biodürlülik derejesini üpjün etmek. Bu ýerleri esasy/möhüm ornitologik çäkler (EMOÇ) hökmünde bellemek teklip edilýär, bu işler ütelgi (Falco cherrug), müsür gajary (Neophron percnopterus), uly poganka/çomga (Podiceps cristatus), dalmata gotany (Pelecanus crispus), uly ak gotan (Pelecanus onocrotalus), uly jübtün (Phalacrocorax carbo), çal hokgar (Ardea cinerea), gyrmyzy hokgar (Ardea purpurea) ýaly guşlaryň seýrek duş gelýän görnüşleriniň durnukly köpelmegine itergi berer. Taslama 5 ýyla niýetlenendir we oňa GEF-iň umumy möçberi 4 583 196 amerikan dollary çekiler.

Gender deňligi meselelerini çözmek

Taslama, çärelere gatnaşmak we peýdalanmak üçin zenanlara we erkeklere deň mümkinçilikleriň berilmegini, deňsizligi aradan aýyrmak we zenanlaryň hukuklarynyň hem-de ygtyýarlyklarynyň giňeldilmegini üpjün etmek boýunça çäreleri öňe sürmegi maksat edinýär. Taslama gender deňligini esaslandyrar, zenanlaryň we gyzlaryň başarnyklaryny güýçlendirer we aşakda agzalan çäreler arkaly gender meseleleri boýunça gepleşikleri ösdürer:

  • inklýuziw geňeşmeler, zenanlaryň karar kabul etmegine gatnaşmagy we gender seljermesi arkaly betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak, ýaly sebitleýin we milli gender taýdan täsirli uýgunlaşma, seýle hem gender faktorlaryny göz öňünde tutmak bilen netijeleri ýeňilleşdirmek meýilnamalaşdyrylyşyny goldamak;
  • Erkekleriň we zenanlaryň mümkinçilikleriniň we zerurlyklarynyň gender seljermesi hem-de sosial we ykdysady täsirlere baha bermek arkaly gender aspektini göz öňünde tutmek bilen ýer we suw dolandyryş meýilnamasyny goldamak (gender taýdan öri meýdanlaryny dolandyrmak meýilnamasy, ýerden peýdalanmak meýilnamalary, suwdan peýdalanmak meýilnamalary) öňe sürmek;
  • biodürlüligi gorap saklamak meýilnamalaşdyrylyşynda we inklýuziw sosial we ykdysady integrasiýada erkekleriň we zenanlaryň dürli rollaryna, zerurlyklaryna we mümkinçiliklerine has gowy düşünmäge we garamaga kömek etmek;
  • gender meseleleri boýunça gurallar we serişdeler bilen üpjün etmek arkaly gender deňsizligi azaltmak: gender aragatnaşyk we bilimleri dolandyrmak meýilnamalaryna esasy akym;
  • bilime deň elýeterliligi üpjün etmek; zenan daýhanlary üçin gender taýdan jogap berýän radio we teleýaýlym gepleşiklerini döretmek; zenan hünärmenleri, ýerli daýhanlary we telekeçileri taslama çärelerine çekmek;
  • maliýeleşdirmek üçin deň elýeterliligi üpjün etmek üçin gender býudjetini güýçlendirmek, daşky gurşawda we ösüş taslamalarynda (grant maksatnamasy), şol sanda milli banklardan karz almakda gender taraplaryny öňe sürmek;
  • gender görkezijileri bilen ygtybarly esasy maglumatlary bermek we gender akymlaryndaky üstünlikleriň ýaýramagyny we köpelmegini üpjün etmek arkaly gender taýdan jogap berýän gözegçiligi, baha bermegi we uýgunlaşmagy dolandyrmagy goldamak;

Ýilli we sebit gepleşiklerine has kämil gender hünärmenleri çekmek we gender statistikasyny hasaba almak üçin, gender deňligi boýunça öňdebaryjy tejribäni görkezmek üçin habarlylygy ýokarlandyrmak we hyzmatdaşlary, gyzyklanýan taraplary we ýerli edaralary, häkimiýetleri çekmek.