BMGÖM we hyzmatdaşlar zorlukly ekstremizmiň öňüni almak ugrunda mümkinçilikleri ýokarlandyrmak üçin okuw maslahatyny geçirýärler

January 31, 2023

BMGÖM we hyzmatdaşlar zorlukly ekstremizmiň öňüni almak ugrunda mümkinçilikleri ýokarlandyrmak üçin okuw maslahatyny geçirýärler

BMGÖM Türkmenistanda

Aşgabat, 24-25-nji ýanwar 2023: BMGÖM we Türkmenistanyň Zähmet we Ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi ÝB-niň we BMG-niň “Aziýada zorlukly ekstremizme garşy durnuklylygy ýokarlandyrmak (STRIVE Asia)” atly bilelikdäki hyzmatdaşlygy boýunça Türkmenistanyň milli düzüminiň çäginde zorlukly ekstremizmiň öňüni almak boýunça maslahat toparlary we Türkmenistanyň hukuk goraýjy edaralarynyň wekilleri üçin okuw maslahatyny gurady.

Bu okuw maslahaty Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirildi we BMG-niň Aşgabatdaky binasynda, şeýle hem 5 welaýatyň synag şäherçelerinde geçirildi. Bu çäräniň maksady milli hyzmatdaşlaryň stigmatizasiýa, stigma garşy habarlary ýaýratmak we zorlukly ekstremizmiň öňüni almak bilen baglanyşykly beýleki meseleler boýunça mümkinçiliklerini ýokarlandyrmakdyr. Çärä ýaşlar guramalarynyň, Zenanlar bileleşiginiň, iş üpjünçiligi bölümleriniň, Aşgabat, Türkmenabat, Daşoguz, Mary, Türkmenabat we Türkmenbaşy şäherleriniň hukuk goraýjy edaralarynyň wekilleri gatnaşdy.

Gatnaşyjylar zorlukly ekstremizmiň öňüni almak babatyndaky başlangyçlara köptaraplaýyn çemeleşmäni we ýerli derejede goldaw bermek ulgamlaryny güýçlendirmek üçin zorlukly ekstremizmiň öňüni almakda jemgyýet ýolbaşçylarynyň we maşgala agzalarynyň tutýan ornuny ara alyp maslahatlaşdylar. Maslahatyň dowamynda, halkara ülňülerine laýyklykda anti-stigma habarlaryny ýaýratmagyň ähmiýeti aýratyn bellenilip geçildi.

"Soňky ýyllarda zorlukly ekstremizmiň bütin dünýäde ýaýramagy halkara jemgyýetçiliginiň parahatçylygy we howpsuzlygy ösdürmek ugrundaky tagallalaryna möhüm howp döredýär, şeýle hem durnukly ösüşi gazanmak we adam hukuklaryny goramak ugrundaky öňegidişlige zyýanly täsirini ýetirýär" - diýip, Gazagystan Respublikasynda Ýewropa Bileleşiginiň wekiliýetininiň Türkmenistan üçin jogapkär hünärmeni jenap Nikola Françeshetti belläp geçdi. "Şeýlelik bilen, jemgyýetleriň we gowşak toparlaryň, esasanam ýaşlaryň arasynda zorlukly ekstremizmiň täsirini azaltmak dünýäniň ýüzündäki köp döwletleriň, şol sanda Türkmenistan döwletiniň ileri tutýan ugrudyr".

BMGÖM-niň Maksatnamalar Analitigi jenap Akmyrat Daňatarow, “STRIVE Asia” taslamasy, zorlukly ekstremizmiň öňüni almaga, şeýle hem ýaşlaryň mümkinçiliklerini we durnuklylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen taslamadygyny belläp geçdi. STRIVE Asia taslamasynyň çäginde Türkmenistanyň Zähmet we Ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi bilen bilelikde alty sany bilim-maglumat merkezleri döredildi.

***

“Aziýada zorlukly ekstremizme garşy durnuklylygy ýokarlandyrmak” (STRIVE Asia). ÝB-niň we BMG-niň bilelikdäki hyzmatdaşlygy”atly global taslamanyň ýurt boýunça böleginiň maksady zorlukly ekstremizmiň öňüni almaga gönükdirilen jemgyýetçilik başlangyçlaryny goldamak, hökümet we jemgyýetçilik guramalaryna zorlukly ekstremizmiň öňüni almak bilen baglanyşykly maksatlaryna ýetmek ugrunda goldaw bermekdir. Esasy maksat, döwlet edaralarynyň we raýat jemgyýeti guramalarynyň zorlukly ekstremizmiň öňüni almak üçin has gowy taýýarlanmagyny üpjün etmek. Esasy milli hyzmatdaş, Türkmenistanyň Zähmet we Ilaty durmuş taýdan goramak ministrligidir.