BMGÖM Türkmenistanda

«Merkezi Aziýada zorlukly ekstremizmiň öňüni almak üçin ýerli bileleşikleriň durnuklylygyny ösdürmek» atly sebitleýin taslamanyň Türkmenistan boýunça ýurt komponenti

BMGÖM-iň 2022-nji ýyl boýunça adam howupsyzlygy boýunça eden ýörite dokladynda[1] bellenilişi ýaly, bu taslama öňüni almak we sosial şertnamanyň (gurluşlaryň) berkligini, agzybirligini we täzelenmegini ýokarlandyrmak üçin maýa goýumlaryny artdyrmak maksady bilen işlenip düzüldi. 

Taslama adamlaryň bähbitlerini, anyk şertleri we ugurlary göz öňünde tutmak bilen ýerli bileleşikleriň durnuklylygyny ýokarlandyrmak, ýaşlaryň mümkinçiliklerini artdyrmak we zorlukly ekstremizmiň öňüni almak üçin öňüni alyş, çemeleşmelerine we şol bir wagtda Merkezi Aziýada jemgyýetçilik agzybirligini güýçlendirmäge gönükdirilendir. 

Taslamanyň ikinji tapgyry Gazagystany, Gyrgyzystan Respublikasyny, Täjigistany, Türkmenistany we Özbegistany öz içine alýar, bu Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hemmesine taslamanyň çärelerinden, şeýle hem sebitara gatnaşyklardan peýdalanmaga we sapak almaga mümkinçilik berer.

Taslama Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Bilelikdäki Hereket meýilnamasyny goldamak we “Merkezi Aziýa we Ýaponiýa” gepleşikleri esasynda durmuşa geçiriler.

Şeýle hem, bu taslama BMG-niň Baş sekretarynyň zorlukly ekstremizmiň (ZE) öňüni almak boýunça hereket meýilnamasyna, ZE-iň öňüni almak boýunça BMGÖM-iň global we sebitleýin maksatnamalaryna, hem-de BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň Ýaşlar, parahatçylyk we howpsuzlyk boýunça 2250-nji kararyna (rezolýusiýasyna) laýyk gelýär.

Bu taslamanyň Türkmenistan boýunça ýurt komponentiniň çäreleri Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda, Daşoguz welaýatynyň Köneurgenç etrabynda, Mary welaýatynyň Baýramaly şäherinde, Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda, Lebap welaýatynyň Saýat etrabynda, Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherinde geçiriler. 

Şeýle hem, taslamanyň sebitleýin düzüm bölegi hökmünde sebitleýin we global hünärmenleriň we ZE-iň öňüni almak boýunça gyzyklanýan taraplaryň arasynda tejribe alyşmak çäreleriň, şol sanda onlaýn çäreleriň arasynda ýokary derejeli ýygnaklary gurnamak arkaly sebitleýin öňüni alyş torlarynyň giňelmegine, ýaşlaryň arasynda tejribe alyşylmagyna, şeýle hem sebitleýin onlaýn okuwlaryň geçirilmegine garaşylýar. Taslamanyň ileri tutulýan ugry ZE-iň öňüni almak boýunça üýtgeýän tendensiýalara jogap bermek üçin çeýeligi we uýgunlaşmagy, şeýle hem ýerli bileleşikleriň gatnaşmagy we liderligi höweslendirmekdir.

Taslama gutarandan soň, taslamanyň çäginde geçirilen işleriň durnuklylygyny we giňelmegini üpjün etmek maksady bilen taslama çärelerini tamamlamak üçin anyk çykyş strategiýalary işlenip düzüler. 
 


[1]https://hdr.undp.org/content/2022-special-report-human-security