Durnukly Ösüş Maksatlaryny durmuşa ornaşdyrmak üçin meýdança, 2-nji tapgyr
Taslama barada
2018-nji ýylda badalga berlen „Durnukly Ösüş Maksatlaryny durmuşa ornaşdyrmak üçin meýdança“ atly BMGÖM bilen Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň arasyndaky bilelikdäki taslama DÖM-ny durmuşa geçirmek ulgamynda Türkmenistanyň degişli ministrlikleri we pudak edaralary bilen BMG-niň agentleriniň arasynda işleri utgaşdyrmagy amala aşyrmak üçin meýdança bolup durýar. Taslamany durmuşa geçirmegiň barşynda hyzmatdaşlar birnäçe görnüp duran üstünlikleri gazandylar. Şunuň bilen baglylykda, taslamanyň ikinji tapgyryny amala aşyrmak teklip edilýär.
Garaşylýan netijeler
Şu taslamanyň ikinji tapgyrynyň maksady Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletler tarapyndan kabul edilen Durnukly ösüş maksatlaryny Türkmenistanda durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň utgaşdyrylmagy üçin jogapkär edara hökmünde Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň mümkinçiligini ýokarlandyrmak bolup durýar.
Taslama şu bölekleri öz içine alar:
- DÖM-ny durmuşa geçirmek bilen baglylykda ösüşi maliýeleşdirmek meselelerine ýardam etmek.
- Söwda ulgamyny kämilleşdirmek babatynda milli mümkinçiligini ýokarlandyrmak.
Ösüşi maliýeleşdiriş ulgamyny we söwda ulgamyny kämilleşdirmek prosesleri dürli maliýeleşdiriş çeşmelerini gender syýasatyny durmuşa geçirmek we durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugurlary bilen baglanyşdyrmaga kömek eder.
Taslama, Türkmenistanyň DÖM-na ýetmekde öňegidişlik, şol sanda gender taýdan deňligi üpjün etmek we aýal-gyzlara hukuklaryny we mümkinçiliklerini artdyrmaklygy öz içine alýan döwürleýin hasabatlarynyň taýýarlanmagyna goşant goşýar. Hasabatda milli syýasatyň gender syýasaty babatdaky resminamalary we durmuşa geçirilişiniň gidişi görkezilýär. Ikinji meýletin syn, gender meselelerini çözmekde öňegidişligi we gender syýasatyny gowulandyrmak çärelerini, şeýle hem gender aspektini milli/pudaklaýyn maksatnamalara goşmagy we gender statistikasynyň gözegçiligini güýçlendirmegi göz öňünde tutýar.